Audi flagman A8 modelini häzirlikçe çalyşmazlyk kararyna geldi

  • 05.03.2024 15:00
  • 8.4k+

Audi awtoulag öndürijisi flagman A8 modeliniň ömrüni uzaltmak we ony täze elektrikli awtoulag bilen çalyşmazlyk kararyna geldi. Bu barada Germaniýanyň «Auto Motor und Sport» žurnaly bu markanyň wekiline salgylanyp habar berýär.

Audi kompaniýasynyň 2024-nji ýylda A8 modelini elektrikli sedan bilen çalyşmagyna garaşylýardy, ýöne kompaniýanyň meýilnamalary üýtgedi. Täze flagmany çykarmazlyk kararyna benzin bilen işleýän modeliň Hytaýyň bazarynda ýokary satuw görkezýändigi täsir etdi. Şunuň bilen baglylykda, Audi taslamany uzaltmak we A8-iň ýene bir täzelenen nusgasyny taýýarlamak isleýär. Munuň özi täze flagmanyň 2027-nji ýyldan öň peýda bolmajakdygyny aňladýar.
A8 modeli 2017-nji ýylda çykdy we 2021-nji ýylda täzelendi. Awtoulag Hytaý bazarynda örän üstünlikli, ýöne Ýewropada Mercedes-Benz S-Class-dan iki ýarym esse ýaramaz satylýar.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......