Özbegistanyň Hökümeti Horezme baryp görmek isleýänler üçin bir ýyllyk wizalary berip başlar

  • 04.03.2024 15:34
  • 19k+

Prezident Şawkat Mirziýoýew Horezm oblastyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Özbek Lideri ýerli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde syýahatçylygy ösdürmegiň üç ýyllyk maksatnamasynyň kabul edilýändigini mälim etdi. Bu döwürde Syýahatçylygyň ösüş gaznasyna gelip gowuşýan girdejileriň ählisi sebitiň içerki zerurlyklary üçin ulanylar

Şunuň bilen baglylykda, “Özbegistan - meniň ikinji öýüm” atly täze wiza maksatnamasyny girizmek meýilleşdirilýär. Degişli wiza bilen daşary ýurt raýatlary Horezm şäherinde bir ýyllap bolup bilerler diýip, ORIENT habar berýär.
Käbir etrapçalarda myhmanhana orunlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözmek üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we giňeltmek üçin goşmaça karzlar berler. Karzlar iki ýyl ýeňillik döwri bilen 7 ýyl möhlete 18 göterim bilen berler diýip, spot.uz habar berýär.
Özbek Lideri Ürgençde Awesta we lezgi tansyna bagyşlanan muzeýleri açmagy teklip etdi. Mundan başga-da, Hywada daşary ýurt myhmanlara niýetlenen 24 sagat hyzmat edýän Horezm aşhanasyna ýöriteleşen kafeleri we restoranlary açmaga çagyrdy.
Horezmiň ulag aragatnaşyk meseleleri barada hem durlup geçildi. Ürgençden Buhara, Samarkant, Termez, Fergana jülgesiniň şäherlerine, şeýle hem Sankt-Peterburg, Madrid, Frankfurt, Pekin we Urumçy şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak tabşyryldy. Şäher howa menzilini döwrebaplaşdyrmak işine hususy kompaniýa çekiler.
Şunuň bilen birlikde Ürgenç, Hywa we Hanka şäherleriniň arasynda arasynda elektrik awtobus gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, Ürgenç we Hywa şäherleriniň arasyndaky trolleýbus gatnawlarynyň wagty iki esse azalar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......