Ýylda - 120 000 ýyldyrym. Ýer togalagynyň iň köp ýyldyrymly nokady belli boldy

  • 04.03.2024 14:57
  • 16k+

Ýyldyrym - iň howply we şol bir wagtyň özünde özüne çekiji tebigy hadysalardan biri. Dürli hasaplamalara görä, olar her ýyl dünýäde, takmynan, 250 000 adamy heläk edýär we ýaralaýar.

Wiskonsin-Medison uniwersitetiniň alymlary soňky 6 ýylda ABŞ-da çakan ýyldyrymlar baradaky maglumatlary seljerdiler. Netijeler bulutlardan ýere gaýdýan ýyldyrymlaryň iň köp ýeriniň Floridadygyny görkezdi. 2023-nji ýylda bu ştatyň bir sebitinde ýyldyrymyň 120 000 gezek çakandygy hasaba alyndy diýip, Science Alert habar berýär.
Orta hasap bilen ABŞ-da her ýylda 23,4 million sany ýyldyrym ýalpyldysy, 55,5 million sany ýyldyrym çakmasy we 36,8 million sany ýere urlan ýyldyrym zarbalary hasaba alynýar.
Köplenç dürli basyş, temperatura we çyglylyk bilen howa massalarynyň çaknyşýan ýerlerinde ýyldyrym çakýar. Bular tropiki yklymlar, ekwatoryň golaýynda: Günorta Amerika, Afrika, Günorta-Gündogar Aziýadyr.
Anomal nokat - Katatumbo derýasynyň Marakaibo kölüne (Wenesuela) guýýan ýeri. Her ýyl 200-e çenli çabgaly-ýyldyrymly gün bolýar, bu metanyň howadaky ýokary konsentrasiýasy bilen düşündirilýär, bu troposferadaky deňagramsyzlygy ýokarlandyrýar.
Ýyldyrym hemişe Ýere iň gysga ýoly gözläp, beýik zatlara zarba urýandygy üçin, gaty ýalta tebigy hadysa diýip hasaplanýar. Köplenç, güýçli ýyldyrym zarbalary başy gökdirän binalara degýär. Şeýlelik bilen, Nýu-Ýorkuň 102 gatly Empaýr-steýt-bilding binasyna her ýyl 20-den gowrak ýyldyrym urýar; Russiýada iň beýik bina beýikligi 540 metr bolan Ostankino diňidir, ýyldyrym ony ýylda 40 gezek urýar.
Ýyldyrym çakmagynyň ähtimallygy hemişe töwerekdäki giňişlige baglydyr. Daş-töwereginde beýik agaçlar bolmasa, ol göni adama urup biler. Ösüp barýan ýurtlarda ýyldyrym çakýan mahaly ýalazy meýdanlarda işläp ýören adamlar, köplenç, ýyldyrymyň pidalary bolýarlar. Ýyldyrymyň haýwanlary urýan mahaly hem az däl - aglaba uzyn boýunly žiraflar şondan aradan çykýarlar.
Iň uzyn ýyldyrym 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Missisipi we Tehas ştatlarynyň serhedinde hasaba alyndy. Uzynlygy 768 km.
Iň dowamly ýyldyrym çakmasy 2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda Argentinada boldy. Onuň dowamlylygy 17,1 sekunt.
Iň güýçli ýyldyrym işjeňligi 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Hunga-Tonga-Hunga-Haapai wulkanynyň atylmasy wagtynda hasaba alyndy - şondan soň hemra gözegçilikleri eýýamynyň iň güýçli atylmasy - iň ýokary ýygylykdaky ýalpyldylar hasaba alyndy - minutda 2600-den gowrak ýalpyldy! (sekuntda 40-dan gowrak).


düýn 07:40
3.1k+

50 ýyllyk gözegçilikler ýekebara ene-atalaryň bagtlylyk we durmuşdan kanagatlanma derejesini görkezdi

Ýekebara ene-atalar ortaça durmuşdan kanagatlanma derejesiniň är-aýal jübütlerine garanyňda pesdigini, ýöne güýçli sosial goldaw bolan ýagdaýynda, olar çagasyz ýalňyz adamlar bilen deňeşdireniňde, özlerini......

29.05.2026 23:05
4.2k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

29.05.2026 11:53
3.5k+

Bagyşlamak beýnini agyryly ýatlamalary "redaktirlemäge" mejbur edýär

"Bagyşlamak we unutmak" diýen meşhur jümle hakykaty görkezmeýär – bu iň bolmanda ylmy nukdaýnazardan şeýle. Amerikaly neýrobiologlaryň Emotion ylmy žurnalynda çap edilen täze barlagy kimdir birini......

29.05.2026 00:09
2.8k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......