Jübütleri emeli aň saýlady. Kazanda dünýädäki ilkinji fijital durmuş toýy tutuldy

  • 03.03.2024 23:14
  • 14k+

Kazanda geçirilýän «Geljegiň oýunlarynda» dünýädäki ilkinji fijital (iňl. «physical+digital» – wirtual we hakyky dünýäleriň utgaşmasy) durmuş toýy tutuldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Adaty bolmadyk baýramçylyk şertlerinde Kazanyň ýaşaýjylary Ýegor Orehow we Ýelena Mullagaliýewa gatnaşyklaryny kanun esasynda berkitdiler. Dabara «Kazan Expo» halkara sergi merkezinde «Geljegiň oýunlarynyň» dowamynda ýaş çatynjalaryň maşgala agzalarynyň we ýakynlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

«Bize ret edip bolmajak teklip geldi. Hemme zat öz-özünden boldy, ýöne biz bu pikiri goldadyk» diýip, täze gurlan Orehowlaryň maşgalasy belledi.

Ýaş çatynjalar ýaryşyň dowamynda maşgala gurmak isleýän Kazanyň ýaşaýjylarynyň arasyndan emeli aň arkaly tötänleýin saýlandy.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....