Saud Arabystany 2034-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin arzasyny hödürledi

  • 03.03.2024 21:26
  • 12k+

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz saýtynda 2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny ýurduň çäginde geçirmek üçin resmi arzasyny ýerleşdirdi. Bu barada TASS habar berýär.

Kampaniýanyň şygary hökmünde “Ösýäris. Bilelikde” jümlesi saýlanyp alyndy. Federasiýa bu şygaryň ýurduň futbol gurşawyndaky çalt özgerişi bilen halkara futbolyna we ýaryşyň özüne oňyn täsiriniň arasynda parallel goýmak isleýändigini belleýär.
4-nji oktýabrda Halkara Futbol Federasiýasy 2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirmäge diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň dalaş edip biljekdigini habar berdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň esasy hojaýynlary Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. 2026-njy ýyldan başlap dünýä çempionatlaryna 48 topar gatnaşar.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......