Gazagystandan işewür topar Aşgabatda geçiriljek telekeçileriň sergisine gatnaşar

  • 02.03.2024 14:15
  • 2.3k+

17-18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä myhman hökmünde Gazagystandan işewür toparyň gelmegine garaşylýar.

Gazagystanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistana nobatdaky sapary bu senä gabatlanyp amala aşyrylar. Gazagystanly işewürler saparynyň barşynda şol bir wagtda türkmen telekeçileriniň we olaryň mümkinçilikleriniň köp ugurly taraplaryny ýerinde synlap, bu ýerde dürli ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklaryny geçirip bilerler.
Gazagystanyň işewür wekiliýetiniň iş meýilnamasy IT, elektronika we telekommunikasiýa, önümçilik we maşyn gurluşygy, oba hojalygy, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly ugurlarda mümkinçiligi uly türkmen hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri geçirmegi öz içine alýar.
Şeýle hem gazagystanly işewürleriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşyklary, öňdebaryjy kärhanalara, Döwlet haryt-çig mal biržasyna baryp görmekleri meýilleşdirilýär.
Işewürlik saparyny guraýjy bolup Astana diplomatik kluby çykyş edýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......