Azerbaýjan Hazar deňziniň suwlaryny süýjeder

  • 01.03.2024 16:26
  • 16k+

Azerbaýjan Hazar deňziniň suwuny süýjedip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Respublikanyň döwlet suw baýlyklary agentliginiň başlygy Zaur Mikailow aýtdy.

Ol «Ýurduň suw hojalygy: meseleler we täze kynçylyklar» atly maslahatda: «Degişli teklipler eýýäm 10 daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan öňe sürüldi» diýip, belläp geçdi.
Mikailow hünärmenleriň tehniki suwy bakteriýalardan arassalap biljekdigini aýtdy. Agentligiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, ony senagatda we bezeg maksatly abadanlaşdyryş işlerinde ulanyp bolýar.
Taslama oba hojalygy pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi daşky gurşawa we tebigy baýlyklara jogapkär degişli gözegçilik edaralary tarapyndan gözden geçirilýär.
Ondan öň Mikailow Azerbaýjany suw serişdeleri gaty çäkli ýurt diýip atlandyrdy. Suw ýetmezçiligi howanyň global derejede üýtgemegi sebäpli ýüze çykdy.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

04.04.2026 09:20
2.6k+

Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň......