“Dünýäde ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary belli boldy

  • 01.03.2024 13:20
  • 7.2k+

“Dünýäde ýylyň awtomobili” (World Car of the Year) baýragynyň emin agzalary esasy we goşmaça kategoriýalarda finala çykan awtomobilleriň sanawyny hödürlediler. Bu bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek hytaý brendiniň elektromobili finala çykdy we bu BYD Seal sedanydyr. Bu barada tarantas.news portaly belleýär.

Şeýlelikde, BYD sedany “Dünýäde ýylyň awtomobili” bäsleşiginde ýeňiş üçin Kia EV9 we Volvo EX30 krossowerleri bilen bäsleşer.

 

 

“Ýylyň premial awtomobili” kategoriýasynda ýeňiji Mercedes-Benz – E Class we EQE SUV, şeýle-de täze BMW 5 Series modellerinden saýlanar. Bawariýa awtokonserniniň “Ýylyň sport awtomobili” nominasiýasynda-da ýeňiş gazanmaga üçden iki mümkinçiligi bar, ýagny bu ýerde M2 kupesi, XM krossoweri, şeýle-de Ioniq 5 N elektromobili finala çykdy.  
Baş baýraga dalaşgärler bolan Kia EV9 we Volvo EX30 krossowerleri BMW i5 5-Series modeli bilen birlikde “Ýylyň elektrik awtomobili” adyna-da dalaş edýärler. Volvo EX30 “Ýylyň şäher awtomobili” hem bolup biler, bu ýerde ol Lexus LBX we ykjam BYD Dolphin bilen bäsleşýär.
“Ýylyň dizaýny” nominasiýasynda Ford Bronco, Ferrari Purosangue we Toyota Prius dalaşgär görkezilýär. Ähli kategoriýalarda ýeňijiler 2024-nji ýylyň 27-nji martynda Nýu-Ýorkdaky awtosalonda yglan ediler. 


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......