Dronlaryň şüweleňi, salýutlar we “Alaw simfoniýasy”...Gonkong syýahatçylary çekmek üçin 140 mln dollar bölüp berer

  • 29.02.2024 18:33
  • 7k+

Gonkong syýahatçylary çekmek maksady bilen dürli çärelere 140 mln dollar bölüp berer. Bu barada TASS habar berýär.

Syýahatçylygy ösdürmek boýunça edara täze aksiýalary we şüweleňleri, şol sanda Gonkong diňleriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Alaw simfoniýasyny”, Wiktoriýa gämi duralgasynyň üstünde dronlaryň şüweleňini we salýutlary görkezer.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Gonkongda 80-den gowrak uly çäre meýilleşdirilýär: Art Basel, ComplexCon, LIV Golf we beýlekiler.
Çäreleri sazlaşdyrmak üçin ýörite topar döredildi, üç ýylyň içinde bu çäreleri ösdürmek üçin bolsa ýene 12,82 mln dollar bölünip berildi.
2023-nji ýylda Gonkonga 34 mln syýahatçy baryp gördi. Bu 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 56 esse köpdür.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......