Türkmen talyby garyşyk söweş sungaty boýunça Ukrainanyň Harkow oblastynyň çempiony boldy

  • 29.02.2024 18:05
  • 22k+

Ukrainanyň Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmenistanly talyp Babageldi Halimow garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça oblast birinjiligi ugrunda 19 – 40 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda 93 kilogram agram derejesinde birinji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

Babageldi Halimow şu ýylyň ýanwar aýynda jiu-jitsy boýunça Harkow oblastynyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda hem 90 kilogram agram derejesinde çempion bolupdy.
Ol 2023-nji ýylda garyşyk söweş sungaty boýunça boýunça Ukrainanyň açyk birinjiliginde birinji orna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ol Harkow politehniki institutynyň nebitgaz fakultetiniň 4-nji ýyl talybydyr.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......