Bloomberg: Apple 10 ýyldan soň elektromobil döretmekden ýüz öwürdi

  • 29.02.2024 15:29
  • 4k+

Apple kompaniýasy hususy elektromobilini döretmekden ýüz öwürmek we emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi jemlemek kararyna geldi. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny kommersant.ru ýetirýär.

Maglumatlara görä, 27-nji fewralda kompaniýanyň ýolbaşçylygy öz gelen karary barada awtomobili işläp düzmek bilen meşgullanan 2 müň işgäre habar berdi. Bu karary kompaniýanyň baş operasion müdiri Jeff Wilýams we taslama jogap berýän wise-prezident Kewin Linç goldady. 
Şeýlelikde, taslama gatnaşan işgärler emeli aňy ösdürmek boýunça bölümçä geçiriler. Galan ýüzlerçe awtomobil inženerleriniň we dizaýnerleriniň käbirleri bolsa işden çykarylar, ýöne olaryň takyk sany belli däl.
Apple elektromobil döretmek işine 2014-nji ýylda başlady, ýöne bu işde ençeme gezek kynçylyklar ýüze çykdy. Kompaniýa taslamanyň ýolbaşçylygyny we toparyň strategiýasyny birnäçe gezek üýtgetdi.  
Soňky gezek Apple awtomobiliň çykmagyny 2028-nji ýyla çenli süýşürdi. Onuň bahasy 100 müň dollar töweregi bolup bilerdi. Agentligiň çeşmeleri kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň bu taslamanyň Apple-iň önümlerden alýan girdejisini üpjün etjekdigine şübhelenendigini aýtdylar. Şeýle-de, müdirler geňeşiniň durmuşa geçirilip bilinmejek taslama “ýylda ýüzlerçe million dollar sarp etmegiň” zerurlygyna şübhelenendigi bellenilýär.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......