Messi, Holand we Jokowiç sport “Oskaryna” dalaş edýär

  • 27.02.2024 23:35
  • 10k+

Sport “Oskary” diýlip atlandyrylýan abraýly Laureus baýragyna dalaşgärler belli boldy. Sekiz nominasiýada dalaşgärleriň sanawy guramaçylyk komitetiniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, RBK habar berýär.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy 22-nji aprelde Madridde geçiriler. Ýylyň iň gowy türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat boldy) we Erling Holand, tennisçi Nowak Jokowiç, “Formula-1-iň” sürüjisi Maks Werstappen, şestli böküji Arman Dýuplantis, ylgawçy Noa Laýls dalaş edýär.
Ýylyň zenan türgeni baýragyna futbolçy Aýtana Bonmati, dag lyžaçysy Mikaela Şiffrin, tennisçi Iga Swýontek, ylgawçylar Şerika Jekson, Şa’Karri Riçardson we Feýt Kipýegon dalaşgär görkezildi.
Şeýle-de, baýraklar “Ýylyň topary”, “Ýylyň öňegidişligi”, “Ýylyň gaýdyp gelmesi”, “Ýylyň mümkinçiligi çäkli türgeni”, “Ýagşylyk üçin sport” we “Ýylyň ekstremal görnüşlerde türgeni” nominasiýalarynda berler.
Baýrak 2000-nji ýyldan bäri berilýär, ýeňijiler Cartier-den altyndan we kümüşden ýasalan 30 sm heýkel alýarlar.
Laureus baýragyny iň köp alan türgen karýerasyny tamamlan şweýsariýaly tennisçi Rojer Federerdir. Onuň hasabynda ýylyň türgeni hökmünde bäş we “Ýylyň gaýdyp gelmesi” üçin bir baýrak bar.


09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

09.06.2026 07:51
4.1k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....