Ýewropada ýylyň awtomobili belli boldy

  • 27.02.2024 19:42
  • 15k+

Ženewa awtosalonynda Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň netijesi jemlendi. 2024-nji ýylda ýeňiji Renault Scenic E-Tech krossoweri boldy. Bu barada Car of the Year bäsleşiginiň guramaçylyk komitetiniň resmi saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Renault Scenic E-Tech emin agzalarynyň ses bermeginde 329 bal gazandy, 58 emin agzasyndan 22-si ony finala çykan ýedi awtomobiliň arasynda iň gowusy diýip saýlady.
Ikinji orny 309 bal bilen täze nesliň BMW 5 Series awtomobili eýeledi. Bu awtomobile 19 emin agzasy iň ýokary bal berdi. Üçünji orunda täze Peugeot 3008 ýerleşdi (197 bal). “Car of the Year 2024” bäsleşiginiň finalyna Kia EV9, Volvo EX30, BYD Seal we Toyota C-HR hem çykdy.
Ýedi finalçy awtomobiliň dördüsi doly derejeli elektrikdir. Bäsleşigiň eminler toparyna 22 ýurtdan 58 awtomobil žurnalisti we hünärmeni girdi.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....