Wengriýanyň parlamenti täze prezidenti saýlady

  • 27.02.2024 19:39
  • 8.8k+

Wengriýanyň parlamenti häzire çenli Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy bolan Tamaş Şuýoky ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady. Ol döwlet Baştutany wezipesinde işinden çekilen Katalin Nowagyň ornuny çalşar. Bu barada TASS habar berýär.

Täze prezidentiň saýlanmagy parlamentiň saýtynda açylyşy ýaýlyma berlen ýazky sessiýanyň birinji gününde geçirildi. 67 ýaşly Şuýogyň kandidaturasy “FIDES – Wengriýanyň raýat birleşigi” dolandyryjy partiýalarynyň we olaryň kiçi hyzmatdaşlarynyň – parlamentdäki 199 orundan 135 orny eýeleýän hristian demokratlarynyň koalisiýasy tarapyndan hödürlendi.  
Ses berişlikde hökümet tarapynda duran deputatlar Şuýogy goldap çykyş etdiler, bu hem onuň eýýäm birinji tapgyrda ýeňşini üpjün etdi. Şeýlelikde, 134 deputat Şuýogy goldady, 5-isi garşy çykdy, galanlary gatnaşmady.
Esasy kanuna laýyklykda, Şuýok sekiz günüň içinde kasam kabul edip, wezipesine girişmeli. Şoňa çenli ýurduň prezidentiniň wezipelerini parlamentiň spikeri Laslo Kýower ýerine ýetirer.


11.05.2026 11:22
2.4k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......

13.04.2026 17:22
3.9k+

Wengriýadaky parlament saýlawlarynda «Tisa» partiýasy ýeňiş gazandy

Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda «Tisa» oppozision partiýasy ýeňiş gazandy. Ol býulletenleriň 98,9%-i sanalandan soň, sesleriň 53,07%-ini aldy....

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......