“Men size bil baglaýaryn!” Arsen Wenger Türkmenistany futbol üstünliklerine ruhlandyrdy

  • 27.02.2024 15:00
  • 27k+

Londonyň “Arsenalynyň” öňki halypasy Arsen Wenger Türkmenistandaky futbol janköýerlerine we söýüjilerine ýüzlendi. Meşhur fransiýaly hünärmen ýurduň beýik futbol ýurduna öwrülmegini arzuw etdi.

“Türkmenistandan ähli futbol janköýerlerine salam. Men siziň beýik futbol milletine öwrüljekdigiňize çyn ýürekden umyt bildirýärin. Ähli zadyň çagalary terbiýelemekden başlaýandygyny ýatdan çykarmaň – şonda islendik üstünlik mümkindir. Men size bil baglaýaryn” – diýip, FIFA-nyň global futbol bölüminiň ýolbaşçysy Dohada geçirilen FIFA-nyň okuw seminarynyň çäklerinde wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistandan tälimçi Röwşen Meredow Wengere türkmen halysyny sowgat berdi.
Hünärmenler seminarda dürli ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda futbolyň, aýratynam, çagalar futbolynyň ösüşini maslahatlaşdylar.
Meredow bu çärä FIFA-nyň tehniki hünärmeni hökmünde gatnaşdy. 2022/23 möwsüminde ol “Kaganat” futbol klubuna (Gyrgyzystan) ýolbaşçylyk etdi, ondan öň “Ahal” futbol klubuna (Türkmenistan) we HTTU (Türkmenistan) tälimçilik etdi. HTTU bilen 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň kubogyny gazandy. 2020-nji ýylda Meredow dünýäniň islendik ýurdunda milli ýygyndylar we klub toparlary bilen işlemäge hukuk berýän AFK PRO tälimçilik ygtyýarnamasyny aldy.
Arsen Wenger 22 ýyl (1996 – 2018) “Arsenalyň” baş tälimçisi boldy. Bu döwürde ol topary APL-iň üç çempionlyk titulyna, Angliýanyň Kubogynda ýedi ýeňşe getirip, klubuň taryhynda iň üstünlikli menejer boldy. Onuň ýolbaşçylygynda klub yzygider 20 ýyl Çempionlar ligasynda çykyş etdi we bir gezek finala çykdy.


düýn 20:02
8.3k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.9k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.2k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......