Bugatti Bolide trek giperkary taryhdaky iň uly tormoz bilen üpjün edildi

  • 27.02.2024 14:57
  • 9.1k+

«Bugatti Bolide» trek giperkary rekord derejede uly tormozlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu barada gazeta.ru «Motor1» neşirine salgylanyp habar berýär.

Täze ulagyň tormoz ulgamy «Brembo» kompaniýasynyň işläp düzüjileri tarapyndan döredildi. Mehanizmiň netijeliligi «Formula 1» awtoulaglaryndaky gurluşlar we ýaryş maksatly sport prototipleri bilen deňeşdirilýär.
«Bugatti Bolide» giperkarynyň öň tormozlarynda iki sany sekiz porşenli monoblok support bardyr. Olaryň hersi dört sany ýokary öndürijilikli 25mm kolodka we 390 x 37,5mm karbon disklere eýedir. Bular şu wagta çenli öndürilen iň uly karbon-keramiki tormozlardyr. Yzky tarapda hem öňdäkilerine meňzeş iki sany alty porşenli monoblok support bardyr. «Bolide» giperkarynyň tormoz diskleri ýygnalanda, hersiniň agramy 3,1 kg. Mundan başga-da, «Brembo» tormoz ulgamy üçin ýörite esasy silindrleri we tormoz suwuklygyny döretdi.
«Bugatti Bolide» ýangyn söndüriji ulgam, alty nokatly howpsuzlyk kemeri, kelläni we boýny goramak ulgamy hem-de elektron sürüjiniň kömekçisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
40 nusgada çykjak giperkar 4 million ýewro bahadan hödürlendir we eýýäm olaryň ählisi satyldy. Müşderiler olary şu ýyl kabul edip başlarlar.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....