Google Chrome-da emeli aň esasynda işleýän tekst ýazmaga kömek edýän funksiýa peýda boldy

  • 26.02.2024 14:33
  • 4.4k+

«Google Chrome» brauzerinde emeli aň arkaly tekst ýazmaga kömek edýän «Help me write» funksiýasy peýda boldy. Bu barada gazeta.ru «TechCrunch» neşirine salgylanyp habar berýär.

Ilkibaşda bu funksiýa «Gmail» hyzmatynyň içinde elýeterlidir, onuň kömegi bilen elektron hatlary ýazmak mümkindi. Indi täze ulgam brauzeriň içinde işleýär we islendik web sahypasyndaky tekst giriziş meýdanynda elýeterlidir. «Help me write» «Google-yň» «Gemini» modeliniň esasynda işleýär we häzirki wagtda synag maksatly funksiýa hökmünde elýeterlidir.
Bu funksiýany işletmek üçin «Chrome» brauzeriniň sazlamalar menýusyna girip, «Experimental AI» bölümini saýlamaly. Häzirlikçe ol diňe iňlis dilini goldaýar we «Windows», «Mac» hem-de «Linux» operasion ulgamlaryndaky «Chrome-da» işleýär.
Funksiýany ulanmak üçin islendik tekst meýdanynda sag düwmäni basmaly we kontekst menýusyndan «Help me write» buýrugyny saýlamaly. Ulanyjy onuň kömegi bilen täze tekst döredip ýa-da bar bolan ýazgyny birnäçe görnüşde üýtgedip biler. Funksiýa elektron hatlar ýaly gysga tekstler üçin niýetlenendir we uly göwrümli tekst döredilende kemçilikler ýüze çykyp biler.
Funksiýanyň artykmaçlyklarynyň biri hem ulanyjynyň girýän sahypasyna uýgunlaşmagydyr. «Google-yň» gizlinlik syýasatynda emeli aň tarapyndan döredilen tekstiň, mazmunyň we funksiýanyň ulanylýan sahypasynyň salgysynyň «Google-a» iberilýändigi aýdylýar. «Google» bu maglumatlaryň «Help me write» funksiýasyny kämilleşdirmek boýunça gözlegler üçin ulanylýandygyny belleýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
923

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...