Windows-yň fotoredaktorynda Photoshop-yň neýroulgam bozgujynyň analogy peýda boldy

  • 26.02.2024 00:24
  • 9.6k+

«Microsoft» «Windows 10» we «11-däki» «Photos» ykjam goşundysy üçin täze «Generative Erase» funksiýasyny yglan etdi. Emeli aň esasynda işleýän bu gural suratlardan islenmeýän zatlary bary-ýogy birnäçe gezek düwmä basmak arkaly aýyrmaga mümkinçilik berýär diýlip, kompaniýanyň sahypasynda bellenilýär.

Şuňa meňzeş aýratynlyk «Photoshop» programmasynda we käbir smartfonlarda eýýäm elýeterlidir.
«Generative Erase» funksiýasyny peýdalanmak üçin ulanyjy «Photos» ykjam goşundysynda şekil redaktoryny açmaly we «Erase» buýrugyny saýlamaly. Soňra bolsa aýrylmaly zady çotga bilen bellemek ýeterlikdir.
«Generative Erase» we emeli aň esasynda işleýän beýleki funksiýalar «Windows 11-iň» 32 bit hem-de ARM prosessorlary üçin niýetlenen nusgalarynda elýeterli bolar.
«Windows Insider» maksatnamasynyň agzalary täze aýratynlygy ilkinji bolup synagdan geçirip bilerler. Onuň ähli ulanyjylar üçin elýeterli ediljek senesi heniz yglan edilmedi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
1k+

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...