Xiaomi 50 MP kameraly kuwwatly Pad 6S Pro planşetini hödürledi

  • 24.02.2024 22:36
  • 3k+

Hytaýda geçirilen giň gerimli tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde «Xiaomi» kompaniýasy «Pad 6S Pro» flagman planşetini görkezdi.

Täze önümde 3K durulykly, 144 Hz şekiliň täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 900 nit bolan 12,4 dýuýmlyk IPS displeýi ornaşdyrylypdyr. Displeýiň taraplarynyň gatnaşygy 3:2-ä deňdir. Planşetiň sesi «Dolby Atmos» tehnologiýasyny goldaýan sekiz dinamik tarapyndan üpjün edilýär.
«Xiaomi Pad 6S Pro» planşetiniň öndürijiligine «Qualcomm» kompaniýasynyň 2023-nji ýyldaky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi jogapkärdir. Planşet 8, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýada, şeýle hem 256, 512 GB ýa-da 1 TB goşmaça ýada eýedir.
Planşet 50 MP we 2 MP datçikli goşa kamera, şeýle hem 32 MP durulykda frontal kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. «Xiaomi Pad 6S Pro» hususy «HyperOS» operasion ulgamy tarapyndan dolandyrýar. «Android» nusgasy entek mälim edilmedi.
Planşetiň «Windows» esasynda işleýän kompýuter bilen sinhronlaşdyrylyp bilinjekdigi, şeýle hem awtoulag ekrany ýa-da akylly öý dolandyryş paneli hökmünde ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär. «Xiaomi Pad 6S Pro» üçin hususy magnit klawiaturasy we surat üçin stilus hem hödürlenilýär. Täze önüm 120 Wt çalt zarýad beriş goldawy bolan 10000 mA/s sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi.
«Xiaomi Pad 6S Pro» Hytaýda 3299-dan 4499 ýuana çenli (458-den 625 dollara çenli) bahadan satuwa çykarylar. Enjamyň Hytaýyň daşynda peýda bolup-bolmajakdygy barada habar berilmeýär.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...