NVIDIA bir günde 230 milliard dollar gymmatlap, absolýut dünýä rekordyny goýdy

  • 24.02.2024 17:34
  • 10k+

NVIDIA bazar kapitalizasiýasyny bir günde 230 milliard dollardan gowrak artdyrmak bilen, dünýä rekordyny goýdy. Bloomberg-iň ýazmagyna görä, kompaniýanyň paýnamalarynyň 15% ýokarlanmagy Meta tarapyndan fewral aýynyň başynda goýlan öňki rekorddan has ýokarydyr.

NVIDIA tarapyndan neşir edilen ýokary maliýe görkezijileri depginli ösüşiň katalizatory boldy. Kompaniýanyň dördünji çärýekdäki girdejisi 22,10 milliard dollar bolup, bir ýyl ozalkydan 265% köpdi. Ýyllyk girdeji 126% ýokarlap, 60,9 milliard dollar boldy we kompaniýanyň arassa girdejisi 769% ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde, NVIDIA haýallamagyň alamatlaryny görmeýär. Kompaniýanyň şu çärýekdäki çaklamalary seljerijileriň garaşyşlaryndan has ýokary. Girdejiniň 24 milliard dollar bolmagyna garaşylýar, bu Microsoft we Meta ýaly esasy müşderiler tarapyndan AI-e köp çykdajy edilendigi bilen şertlendirilýär.
Wall Street-iň seljerijileri NVIDIA-nyň iň ýokary derejä ýetendigi bilen ylalaşýarlar. Morgan Stanley-den Jozef Muryň sözlerine görä, AI-e bolan isleg güýçli bolmagynda galýar we Sanford C. Bernstein-den Steýsi Rasgon bolsa kompaniýa "pul işleýär" diýip hasaplaýar.
NVIDIA-nyň geljegi uly görünýär we kompaniýa emeli aňyň ösmeginde öňdebaryjy rol oýnamagyny dowam etdirer.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......