Singapurly 8 ýaşly ýiti zehinli küştçi grossmeýsteri ýeňip, rekord goýdy

  • 24.02.2024 11:01
  • 13k+

Singapurly 8 ýaşly Aşwat Kauşik grossmeýsterden üstün çykan taryhda iň ýaş oýunçy boldy. Ol Şweýsariýada geçirilen Burgdorfer Stadthaus Open ýaryşynda 37 ýaşly polşaly Ýasek Stopymy ýeňdi diýip, “Sport-Ekspress” ýazýar.

Duşuşyk wagtynda oglan 8 ýaş 6 aýlykdy. Şeýlelik bilen, ol rekord goýan wagty özünden bäş aý uly bolan serbiýaly Leonid Iwanowiçiň golaýda  gazanan üstünliginden öňe geçdi.
Aşwatyň ene-atasy ýönekeý migrant işçiler, ogullarynyň küşte ukybyny ösdürmek bilen ýörite meşgullanmandyrlar. Küşt oýnamagy ol ChessKid web sahypasynda özbaşdak öwrenipdir, şeýle-de garry atasy we garry enesi bilen oýnapdyr.
Häzir Kauşik dünýä derejesindäki hünärmenleriň ýolbaşçylygynda tälim alýar. Singapur Küşt federasiýasynyň baş direktory Kewin Go Weý Min ony “ýurduň sport abraýy” we 14 ýaşa çenli toparyň lideri diýip atlandyrýar.
Aşwatyň özi dünýä çempiony bolmak isleýändigini aýdýar. Onuň ajaýyp ukyplaryny göz öňünde tutsak, bu başa barmajak zat däl, ýöne çaklamalar babatynda howlukmalyň: aýratyn ýiti zehinli çagalaryň hemmesi küşt Olimpiniň çür depesine çykaýmaýar.


26.06.2026 23:43
9.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....