Sergi, olimpiada, halkara maslahaty... Mart aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi

  • 23.02.2024 23:23
  • 14k+

23-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Geljek aýda dürli maslahatlary, duşuşyklary, media-forumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli  surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek meýilleşdirilýär.
Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaralary guralar.
Paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-owgan işewürler maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi geçiriler. Mundan başga-da, bu ýerde  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçiriler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy guralar.
Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler.
Ýurdumyzyň «Türkmeniň Ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Nowruz ýaýlasynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da  «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri»  atly halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem  daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly we edara binalaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....