Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi: “Liwerpul” – “Sparta”, “Milan” – “Slawiýa”, “Baýer” – “Karabah”

  • 23.02.2024 18:32
  • 17k+

Şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekişigi boldy. Dabara 16 klub gatnaşdy: toparlaýyn tapgyrda birinji orny eýelän sekiz topar we geçiş oýunlarynyň sekiz ýeňijisi.

Bu tapgyrda bir milli assosiasiýadan bolan toparlar duşuşyp bilmeýärler.
Ýewropa ligasy. 1/8 final:

  • Praganyň “Spartasy” (Çehiýa) – “Liwerpul” (Angliýa);
  • “Marsel” (Fransiýa) – “Wilýarreal” (Ispaniýa);
  • “Roma” (Italiýa) – “Braýton” (Angliýa);
  • “Benfika” (Portugaliýa) – “Reýnjers” (Şotlandiýa);
  • “Fraýburg” (Germaniýa) – “West Hem” (Angliýa);
  • “Sporting (Portugaliýa) – “Atalanta” (Italiýa);
  • “Milan” (Italiýa) – Praganyň “Slawiýasy” (Çehiýa);
  • “Karabah” (Azerbaýjan) – “Baýer” (Germaniýa).

Ilkinji oýunlar 7-nji martda, jogap oýunlary 14-nji martda geçiriler. Jogap oýunlaryny toparlaryň ýeňijileri kabul eder.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......