Merwden tapylan gadymy Budda heýkeliniň kellesi 3D çap usulynyň kömegi bilen gaýtadan dikeldiler

  • 23.02.2024 18:12
  • 16k+

J.Pol Getti muzeýiniň (Los-Anjeles, Kaliforniýa ştaty) hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Gadymy Merwde tapylan we V asyra degişli hasaplanan Buddanyň kelle heýkelini gorap saklamak we gaýtadan dikeltmek boýunça iş alyp barýarlar.


(Emeli aň tarapyndan işlenen surat)

Taslamanyň üstünde Getti Muzeýiniň gadymy tapyndylary gorap saklamak bölüminiň ýolbaşçysy Sýuzanna Gensike, Italiýanyň Padui uniwersitetiniň professory we 3D kompýuter wizuallaşdyrmasy boýunça hünärmen Juzeppe Salemi, şeýle-de tebigaty goraýyş hünärmeni Fabio Kolombo işleýär.
Hünärmenler buddizm döwrüne degişli binagärlik-heýkeltaraşlyk desgasynyň bir bölegi bolup durýan Buddanyň kelle heýkelini gorap saklamak boýunça geçirilen işleriň aralyk netijelerini hödürlediler.


Taslamanyň çäklerinde gözlegçiler Buddanyň kelle heýkeliniň fotoresminamalaryny we fotogrammetriýasyny gözden geçirdiler. Indi olar kelle böleklerini birleşdirmek, materialy, onuň takyk senesini öwrenmek, şeýle-de tutuş ýadygärligiň üç ölçegli şekilini döretmek isleýärler.
Dikeldiş üçin 3D printeri, gurluşly yşyk, 3D lazer skaneri we beýleki tehnologiýalar ulanylar.
Taryhçylar Merwiň gadymy Ýüpek ýolunda ýerleşendigini, şonuň üçin dürli medeniýetleriň we dinleriň kesişýän ýeri bolandygyny belleýärler. Çaklamalara görä, desganyň weýran bolmagy netijesinde, budda ybadathanaçylary heýkeliň kellesini aýawly saklamak üçin ony ýere gömüpdirler.
Kelle 1960-njy ýylda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky arheologlar tarapyndan Parfiýa döwrüne degişli gadymy Gäwürgala şäherinde geçirilen barlaglaryň netijesinde tapyldy.
Dikeldiş işleri ABŞ-nyň “Medeni mirasy goramak boýunça ilçiler gaznasynyň” (AFCP) Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär diýip, ORIENT habar berýär.


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

06.03.2026 17:29
5.6k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...