Apple Ýewropada smartfon üpjünçiligi boýunça 21 aýdan soň Samsung-dan öňe geçdi

  • 23.02.2024 16:11
  • 6.2k+

2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple Ýewropada smartfon üpjünçiliginiň göwrümi boýunça soňky 21 aýda ilkinji gezek Samsung-dan öňe geçdi. Canalys analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň umumy smartfon bazary 3% azaldy. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Soňky maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfonlaryň Ýewropa iberilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,8 mln birlige çenli azaldy. Apple üpjünçiligi 1%, 12,4 mln birlige çenli artdyryp, bazaryň lideri boldy. Onuň şeýle üstünliginiň iPhone 15 hataryna islegleriň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Samsung ikinji orny eýeledi – 10,8 mln smartfon (12% azalma). Liderleriň üçlügini Xiaomi jemleýär. Kompaniýanyň üpjünçiligi 6 mln birlik boldy we bu 2022-nji ýyldakydan 10% azdyr.
Mundan başga-da, kyn ykdysady ýagdaýa garamazdan, premium modellere isleg rekord derejede ýokary boldy – satylan smartfonlaryň tas 40%-iniň bahasy 800 dollar we ondan hem ýokarydy.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......