Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdy

  • 23.02.2024 15:44
  • 4.1k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlara işlemäge we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmaklary ugrunda döredilýän ýeňillikler barada bellenildi.
Gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýapon diline tejime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda bellenilip geçildi.
Talyp ýaşlar hem öz gezeginde Ýaponiýada okamaklary we bilimlerini artdyrmaklary üçin ýurdumyz tarapyndan döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdiler.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......