Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýaponiýanyň deputatlary bilen duşuşdy

  • 23.02.2024 12:25
  • 19k+

21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işi bu hyzmatdaşlygyň ösüşinde uly orun eýeleýär.

Taraplar ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyryldy.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......