Tomas Tuhel “Bawariýanyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýär

  • 22.02.2024 18:52
  • 8.3k+

Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel häzirki möwsüm tamamlanandan soň Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesini terk eder. Bu barada futbol klubunyň saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Ýöne Tuheliň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda gitmegi baradaky kararyň hünärmen bilen klubuň baş müdiri Ýan-Kristian Drizeniň arasyndaky dostlukly maslahatlaşmanyň netijesi bolandygy bellenilýär.

“Biziň maksadymyz 2024/25 möwsümine çenli topary täze tälimçi bilen üýtgetmek. Şol wagta çenli klubuň her bir işgäri Çempionlar ligasynda we Bundesligada ýokary netijeleri gazanmaly. Men bu meselede topary jogapkärçilige çagyrýaryn. Aýratynam, biz Çempionlar ligasynda Rimiň “Lasiosy” bilen birinji oýundaky 0:1 hasapdan soň janköýerlerden doly “Alýans Arenada” geçiriljek ikinji oýunda dörtden bir finala çykjakdygymyza ynanýarys” – diýip, Drizen belledi.
“Biz hyzmatdaşlygymyzy şu möwsümden soň tamamlamak barada ylalaşdyk. Şol wagta çenli men ýokary üstünlige ýetmek üçin tälimçiler toparym bilen ähli tagallalary ederin” – diýip, tälimçi aýdýar.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......