365 güne derek 9 günde. Bezos Amazon-nyň 50 million paýnamasyny 8,5 milliard dollara satdy

  • 22.02.2024 18:50
  • 12k+

Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos şu aýda yglan eden kompaniýanyň 50 million paýnamasyny satmak baradaky meýilnamasyny tamamlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, umumy girdeji 8,5 milliard dollara ýetdi.

Soňky günlerde, takmynan, 2,4 milliard dollarlyk 14 milliondan gowrak paýnama  satdy.
Deslapdan telekeçi gymmatly kagyzlaryň satuwynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini çaklapdy.
Telekeçiniň girdejini nämä sarp etjekdigi entek belli däl.
Bezos iň soňky gezek paýnamalaryny 2021-nji ýylyň maý aýynda Amazonyň baş müdiri wezipesinden aýrylanda satypdy.
Bloomberg-iň düzen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna görä, Bezosyň baýlygy 191,3 milliard dollar. Häzirki wagtda ol Blue Origin aerokosmos  kompaniýasyna we Washington Post gazetine eýeçilik edýär.


12.03.2026 07:31
8k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

03.03.2026 13:28
647

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...