Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 22.02.2024 15:24
  • 5.6k+

21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Bu ugurda, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary barada pikir alyşmak bilen, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda giň gerimli we uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nazara alyp, geljegi uly taslamalar boýunça işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler.
Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ünsi çekdiler. Bu babatda, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagynyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.
Gepleşigiň dowamynda Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitabynyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary we oňyn baha berilýändigi barada aýratyn belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......