Hiç hili ykjam goşundysyz smartfon. Nemes kompaniýasy täze önümini tanyşdyrýar

  • 21.02.2024 20:37
  • 5.6k+

Germaniýanyň «Deutsche Telekom» kompaniýasy emeli aň (AI) funksiýalary bolan ilkinji smartfonyň çykarylandygyny habar berdi. Bu barada «Android Central» habar berýär.

«Deutsche Telekom» korporasiýasy fewral aýynyň ahyrynda geçiriljek «Mobile World Congress 2024» sergisinde emeli aňly telefonynyň konseptini tanyşdyrar. Enjam «Qualcomm» we «Brain.ai» kompaniýalary bilen bilelikde döredildi. Enjam doly emeli aňa esaslanar we onda hiç hili ykjam goşundylar bolmaz.
«T Phone» diýlip atlandyrylýan enjam ulanyjylaryň isleglerini bulut hyzmaty we AI modeli arkaly amala aşyrar. Enjamy sensorly displeý ýa-da ses arkaly dolandyryp bolýar. Şol sanda emeli aň suratlary redaktirlemäge we wideolary gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Enjamyň aýratynlyklary aýan edilmeýär, ýöne smartfon «Snapdragon 8 Gen 3» flagman prosessory bilen üpjün ediler.

«Emeli aň we AI modelleri (LLM) ýakyn wagtda ykjam enjamlaryň aýrylmaz bölegine öwrüler» diýip,  «Deutsche Telekom» kompaniýasynyň önümler we sanly tehnologiýalar boýunça direktory Jon Abrahamson belledi. 


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.04.2026 15:25
5.2k+

Berlinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy 2300 ýyllyk gadymy teňňäni tapdy

13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär....