Türkmen talyby Belarusda hassany kliniki ölümden soň halas etmäge kömek etdi

  • 22.02.2024 14:41
  • 37k+

Minskde Türkmenistandan lukman-talyp Aman Alymow geljekki şepagat dogany hökmünde ýerli hassahanada kliniki ölüm ýagdaýynda bolan hassanyň janyny halas etmäge kömek etdi. Onuň taryhyny ýerli neşir “SB BELARUS SEGODNÝA” gürrüň berdi.

 

Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (BDLU) altynjy ýyl talyby Alymow Minskdäki N.Ý.Sawçenko adyndaky 4-nji şäher kliniki hassahanasynyň kardiologiýa bölüminde nobatçylyk edýärdi. Bir gün hassalaryň biri reanimasiýadan geçirildi, onuň ýagdaýy durnuklydy. Ýöne birnäçe sagatdan soň ol ýaramazlaşyp başlady.

“Huşuny ýitirdi, dem almagyny bes etdi, puls duýulmaýardy. Kliniki ölüm diýip bellediler” diýip, Alymow gürrüň berýär.    

Çalt we giň göwrümlilik bilen hereket edip, talyp nobatçy lukman bilen bilelikde uniwersitetde öwredilen ýürek-öýken reanimasiýa başarnyklaryny ulandy.

 

 

“Hassa diri galdy. Şol şatlykly duýgyny ýatdan çykarmak mümkin däl” diýip, talyp gürrüň berýär.

Alymow neşire hemişe lukman bolmak isländigini aýtdy. Geljekde ol “rewmatologiýa” hünäri boýunça ordinaturada okuwyny dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

“Bu aýratyn we seýrek hünär diýseňem bolýar. Autoimmun bozulmalary we birleşdiriji dokuma keselleri bolan hassalara kömek ederin” diýip, Aman belledi.

Uniwersitetdäki çeşmä salgylanýan nihe.by portalynyň maglumatlaryna görä, geçen tomus BDLU-da Türkmenistandan 337 talyp hünär taýýarlygyny geçdi (daşary ýurtly talyplaryň lukmançylyk fakultetinde – 283, kliniki ordinaturada – 54). 


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......