Xiaomi we Leica smartfon kameralaryny gowulandyrmak üçin institut döredýärler

  • 21.02.2024 12:00
  • 7.7k+

Xiaomi we Leica ykjam enjamlar üçin optiki tehnologiýalary ösdürjek we öwrenjek Xiaomi x Leica Optical institutyny döretmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler. Bu barada Xiaomi web sahypasyna salgylanýan 4PDA portaly habar berdi.

Institut dört esasy ugra ünsüni jemlär: ykjam görnüş-faktorynda ultra takyk optiki linzalary ösdürmek, hasaplaýyş fotosuratynda ideal häsiýetnama ýetmek, obýektiwler üçin iň takyk optiki ülňülere laýyk gelmek, şeýle-de, iň soňky optoelektron tehnologiýalaryny gözlemek we ulanmak. Bu smartfon kameralarynyň hilini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrar.
Taslama iki kompaniýanyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşýar.
Institutyň işiniň birinji tapgyry Pekinde kamera enjamlary, şekilleri gaýtadan işlemek we şekiliň hiline baha bermek boýunça ýöriteleşjek üç sany uly laboratoriýanyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolar. Leica bilen bilelikde işlenip düzülen önümi Xiaomi-niň haýsy smartfonynyň ilkinji bolup aljagy entek belli däl.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...