Eýfel diňi syýahatçylar üçin ýapyldy

  • 21.02.2024 09:32
  • 15k+

Eýfel diňiniň işgärleri bu binagärlik ýadygärligini dolandyrmagyň ykdysady strategiýasynyň üýtgedilmegini talap etmek bilen iş taşlaýyş yglan etdiler. Bu barada Agence France Presse salgylanyp, TASS habar berýär.

Diň işgärleriň “diňi dolandyrmagyň häzirki strategiýasyny ýazgarýandygy” sebäpli baryp görmek üçin ýapykdyr. Işgärleriň pikiriçe, häzirki ykdysady model zerur abatlaýyş işleri üçin çykdajylaryň bahasynyň pes bolmagyna we geljekki girdejilerden tamalaryň ýokary bolmagyna esaslanýar.
Kärdeşler arkalaşyklary “koronawirus pandemiýasyndan soň syýahatçylardan gelýän girdejileriň 120 mln ýewrodan gowrak azalandygyna” üns bermegi talap edýärler. Olar Eýfel diňini gowy ýagdaýda saklamak üçin zerur bolan abatlaýyş işlerini maliýeleşdirmäge mümkinçilik berjek ýörite gaznanyň döredilmegini talap edýärler.
Geçen gezek Eýfel diňi 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ony döredijiniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygynda işgärleriň iş taşlaýyşlary sebäpli ýapyldy.


şu gün 16:40
1.4k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......