Meksikanyň ilçisi Türkmenistanda diplomatik işine başlady

  • 21.02.2024 06:42
  • 2.5k+

19-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň we halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda diplomat dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda uly mümkinçiliklere eýe bolan Latyn Amerikasy ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň halk hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna Watanymyzyň üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, iri möçberli taslamalaryň çäklerinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler barada ilçä giňişleýin gürrüň berildi.
Şeýle hem diplomat milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
Jenap Hose Luis Martines Ernandes Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny, durmuş-ykdysady, medeni ösüşde uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....