Xiaomi flagman öndürmek üçin innowasion özbaşdak öwreniş zawodyny işe girizdi

  • 21.02.2024 06:37
  • 2.6k+

18-nji fewralda Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy flagman enjamlaryny öndürmek üçin täze özbaşdak zawod açdy. Brendiň başlygy Lýu Weýbingiň (bu wezipä ýakynda Leý Szunyň ornuna geçdi) sözlerine görä, kärhanada iň täze flagman Xiaomi 14 Ultra öndüriler.

Gizmoçinanyň habar bermegine görä, Pekiniň etegindäki Çanpin şäherinde ýerleşýän bu kärhana ýylda 10 million smartfon öndürip biler. Bu Xiaomi üçin möhüm ädim, sebäbi zawod, köplenç býujet modellerine garanda, has az mukdarda öndürilýän flagman enjamlaryny öndürmäge gönükdiriler.
Zawod doly awtomatlaşdyrylan sanly önümçilik liniýalary, şeýle hem prosesleri dowam edip duran wagtda seljermäge we özbaşdak karara gelmäge ukyply innowasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Täze zawod Xiaomi-iň ilkinji akylly kärhanasy däl. Bu görnüşdäki ilkinji zawod 2019-njy ýylyň ahyrynda Içžuanda (Pekin) açylypdy. Şeýle-de bolsa, Çanpingdäki zawod göwrümi (ol on esse köp meýdany eýeleýär) we akyllylyk derejesi boýunça özünden öňküden ýokarydyr. Ikinji nesliň täze önümçilik liniýasy neşir edilýän platalary kebşirlemekden we synag etmekden başlap, olary ýygnamak we gaplamak ýaly ähli önümçilik tapgyrlaryny öz içine alýar.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...