Türkmenistan BMG-niň düzümleýin edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekdi

  • 20.02.2024 14:38
  • 8.1k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly 22 sany resminama gol çekildi.

  1. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  2. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  3. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  4. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  5. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  6. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  7. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  8. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  9. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  10. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  11. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmegiň ikinji tapgyry» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasy;
  12. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny berkitmäge ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasy;
  13. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça zerur bolan derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň üsti bilen satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy;
  14. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2021-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy;
  15. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň Türkmenistan boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy;
  16. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasy;
  17. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Hyzmatlaryň daşary söwda statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň göwrümi barada statistiki maglumaty kämilleşdirmekde ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasy;
  18. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2008-nji ýylyň Milli hasaplarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin maliýe hasaplaryny işläp düzmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasy;
  19. Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasy;
  20. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasy;
  21. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasy;
  22. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasy;

 


düýn 14:53
1.6k+

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi...

düýn 02:23
7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi...

düýn 01:51
9.7k+

Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D...

düýn 01:34
5.1k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň işewürlik we söwda merkezleriniň içki bezeg taslamalary bilen tanyşdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň içki bezegleri bilen tanyşdy...