Eýranda iň gadymy gyzyl dodak boýagy tapyldy. Onuň ýaşy 3600 ýyl diýlip çaklanylýar

  • 20.02.2024 12:39
  • 16k+

Eýranyň günorta-gündogaryndaky Jiroft sebitinde arheologlar 3600 ýyllyk ýaşy bolan gyzyl dodak boýagyny tapdylar diýip,  Arkeonews habar berýär.

Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan kiçijik hlorit mineral çüýşäniň içinden dodak boýagy hökmünde ulanylan bolsa gerek diýlip çaklanylýan goýy gyzyl boýag çykdy. Döwrebap týubikleri ýada salýan çüýşäniň görnüşi bir eliňde ýüz görülýän aýna tutup, bir eliňde bolsa onuň saklanyp bilinjekdigini görkezýär.
Boýagyň seljermesi onuň düzüminde marganit we braunit bilen garaldylan gematit minerallarynyň bardygyny, şeýle hem galenitiň we anglezitiň ýokundylarynyň bardygyny görkezdi. Bu maddalar ösümlik mumy we beýleki organiki maddalar bilen garylypdyr, bu bolsa häzirki dodak boýaglarynyň düzüm gurluşyna gaty meňzeýär.
Bu gadymy dodak boýagynyň tapylmagy Mesopotamiýanyň klinopis ýazgylarynda agzalýan Marhaşi siwilizasiýasy barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýüz bezegi tehnikasynyň çylşyrymlylygy Eýranda anyk jemgyýetçilik iýerarhiýasy we estetiki ülňüleri bolan jemgyýetiň bolandygyny görkezýär. Arheologlar dodak boýagynyň  asylzadalaryň dereje nyşany bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Gadymy Eýranda tonal kremiň, göz kölegesiniň we sürmesiniň hem ulanylandygy mälimdir.


düýn 17:05
5.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......