«Apple» animasiýa döretmek üçin emeli aň guralyny döretdi

  • 20.02.2024 08:27
  • 3.7k+

«Apple» kompaniýasynyň maşyn öwreniş boýunça hünärmenleri emeli aň (AI) esasynda animasiýa döretmek üçin «Keyframer» goşundysyny döretdiler. Gözlegiň netijeleri «arXiv» ylmy neşirleriň platformasynda ýerleşdirildi.

Täze işiň dowamynda «Apple-iň» kompýuter boýunça hünärmenleri GPT-4-iň AI modeliniň tekst düşündirişlerine görä, SVG formatyndaky ýönekeý şekilleri nähili janlandyryp bilýändigini öwrendiler.
Mysal hökmünde, «Keyframer» uçuş meýdançasynda raketanyň çyzgysyny gaýtadan işledi we görkezmelerde beýan edilişi ýaly, enjamyň asmana göterilişiniň gysga wideosyny döretdi.
Hünärmenler taýýar animasiýanyň beýleki enjamlara geçirilip bilinjekdigini we koduny redaktirläp boljakdygyny düşündirdiler.
Hünärmenler «Keyframe» goşundysynyň gaýtalanýan animasiýany hem goldaýandygyny, ulanyjylaryň faýlyň her täze wersiýasy döredilenden soň taýýar önümi gowulandyrmak üçin görkezmeleri goşup biljekdigini bellediler.
Barlagçylar «Apple» kompaniýasynyň animasiýa döretmek üçin esasy goşundy hökmünde «Keyframer-i» ähli enjam platformalarynda hödürläp biljekdigini öňe sürdüler.


şu gün 00:14
1.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......