Ýaponiýa 2024-nji ýylyň tomsunda dünýäde ilkinji agaç hemrany orbita uçurar

  • 20.02.2024 00:06
  • 6.8k+

Kioto uniwersitetinden ýaponiýaly alymlar dünýädäki ilkinji agaç kosmos hemrasy LignoSat-y döretdiler. Bu barada “The Guardian” gazetine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

LignoSat Halkara kosmos stansiýasynyň bortunda geçirilen bir ýyllyk synaglarda durnuklylygy we jaýrylmalara garşy çydamlylygy görkezen magnoliýa agajyndan ýasaldy. Döredijileriň aýtmagyna görä, agaç zondy resurslary tygşytlamak we ekologiýa täsiri azaltmak ýaly iki meseläni çözmeli.

“Ähli hemralar Ýeriň atmosferasyna gaýdyp gelenlerinde ýanýarlar we ençeme ýyllap atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda ýüzjek alýumin oksidiniň ownujak böleklerini döredýärler. Ahyrynda bu Ýeriň daşky gurşawyna täsir edýär” – diýip, Kioto uniwersitetinden ýaponiýaly astronawt we aerokosmos inženeri Takao Doi belleýär.

LignoSat 2024-nji ýylyň tomsunda orbita çykarylmaly. Ony ol ýere HKS-niň üpjünçilik gämisi Orbital Sciences Cygnus ýa-da SpaceX Dragon raketasy elter.
Zondy döredijiler agaç hemranyň Ýere golaý giňişlikde azyndan alty aý bolmagyny göz öňünde tutýarlar.


düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......