Alymlar: Teýlor Swiftiň döredijiligi adam ömrüni halas edip biler

  • 19.02.2024 23:59
  • 10k+

Monaş uniwersitetiniň Wiktoria ýürek institutynyň gözlegçileri üýtgeşik bir gözlegiň netijeleri bilen paýlaşdylar. Olar meşhur aýdymçy Teýlor Swiftiň aýdymlaryny öwrenmek bilen, olaryň adam ömrüni halas etmäge kömek edip biljekdigini anykladylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ady agzalan aýdymçynyň 50-den gowrak aýdymynyň ýürek-öýken reanimasiýasyny (ÝÖR) geçirmek üçin optimal tempi bar. Bu barada 4pda.to belleýär. 

Mälim bolşy ýaly, ÝÖR dogry geçirilen ýagdaýynda döş kapasasynyň gysylma ýygylygy minutda 100-120 gezek derejesinde bolmaly. Bu şertler berjaý edilen ýagdaýynda ýürek togtamasyny başdan geçiren adamyň halas bolmagyna mümkinçilik uly bolýar.
Ençeme wagtlap ÝÖR geçirmek üçin “metronom” hökmünde Bee Gess toparynyň “Stayin’ Alive” aýdymy ulanyldy. Ýöne gözlegçiler bu aýdymyň eýýäm könedigini we hemmeler üçin tanyş däldigini, emma Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň bolsa häzirki wagtda giňden ýaýrandygyny belleýärler.
Şeýlelikde, Swiftiň aýdymlary minutda 100-120 urgy derejesine ýetmekde laýyk tempe eýe bolmak bilen, adam ömrüni halas etmek üçin ilkinji kömegi bermekde täsirli gural bolup biler. Gözlegiň dowamynda topar Spotify goşundysynda “Taylor Swift CPR Compatible Songs” ady bilen aýratyn pleýlist hem döretdi. Onda aýdymçynyň ähli aýdymlary, olaryň her biriniň ýanynda bolsa tempi görkezilýär.


düýn 11:37
3.4k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
2.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.4k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.2k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......