Pakýao Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaz. HOK onuň arzasyny ret etdi

  • 19.02.2024 23:15
  • 7.4k+

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) 45 ýaşly Menni Pakýao üçin Parižde geçiriljek Olimpiadadaky boks ýaryşyna gatnaşmak ähtimallygyna garamak baradaky iş boýunça gutarnykly netijä geldi. Bu barada mma.metaratings.ru habar berýär.

Ýatlap geçsek, Pakýao geçen ýylyň tomsunda Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmek isleýändigini aýtdy. Oktýabr aýynda bu başlangyjy Filippinleriň Olimpiýa komiteti goldady we HOK-a degişli arzany iberdi.
Şeýle-de bolsa, Olimpiýa oýunlarynyň düzgünlerine görä, 2013-nji ýyldan bäri boksçylaryň iň uly ýaşy 40 ýaş bolmaly. Bir gün öň HOK bu düzgünleri üýtgetmekçi däldigini mälim etdi.
45 ýaşly Pakýao soňky gezek ringe 2022-nji ýylyň dekabr aýynda bloger Di Keý Ýo garşy çykdy. Menni emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy. Onuň hasabynda professional boksda 62 ýeňiş (39-ysy nokaut bilen), sekiz ýeňliş we iki deňme-deňlik bar. 


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......