«BeOnd» awiakompaniýasy Maldiwlere uçuş wagtynda ýolagçylara «Apple Vision Pro» berer

  • 19.02.2024 08:26
  • 7.7k+

Maldiw adalarynyň premium awiakompaniýasy «BeOnd» uçuş wagtynda ýolagçylara «Apple Vision Pro» enjamyny hödürlär. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär.

«Apple Vision Pro» uçuş wagtyndaky güýmenje mümkinçiliklerini üýtgeder we biz saýlama ýolagçylara bu hyzmaty ilkinji bolup teklip ederis.» diýip, «BeOnd» awiakompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Tero Taskila belledi.
«BeOnd-yň» ýolbaşçysynyň bellemegine görä, enjam diňe bir bortdaky kontent ýygyndysyny giňeltmän, eýsem, ýolagçylara Maldiwlerde «bolmaga» mümkinçilik döreder. Şeýle hem ol kompaniýanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Maldiwleriň dynç alyş merkezlerine we gözel künjeklerine wirtual gezelençleri döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
«BeOnd» awiakompaniýasyň täze hyzmaty 2024-nji ýylyň iýul aýynda Maldiwlere howa gatnawlarynda ýola goýlar. Maksatnamanyň mundan beýläk-de giňeldilip-giňeldilmejegi heniz yglan edilmedi.
«Apple Vision Pro» enjamy tomusda «WWDC 2023» maslahatynyň çäklerinde hödürlendi.Bu enjam 2-nji fewralda ABŞ-da 3,5 müň dollardan satuwa çykaryldy.


düýn 16:40
2.6k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
9.1k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......