«Türkmendeňizderýaýollarynyň» hünärmenleri Ispaniýanyň Walensiýa portunyň işi bilen tanyşdylar

  • 18.02.2024 18:17
  • 14k+

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Ispaniýa Patyşalygynyñ Walensiýa deňiz portuna iş sapary bilen baryp gördüler.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu sapar Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «Hazar deňziniň sebitinde «ýaşyl» portlaryň we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak» taslamasynyň çäginde gurnaldy.
Agentligiň wekilleri Walensiýa portunyň CO2 zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işleri we deňiz portlarynda (ýaşyl energiýa) geçiş taslamalary bilen tanyşdylar.
Şeýlelik bilen, Walensiýa portunda wodorod hereketlendirijisi bilen tirkegli we stakerler (konteýnerler bilen işlemek üçin ýükleýjiler) traktorlar ulanylýar.
«Hazar deňziniň sebitinde «ýaşyl» portlaryň we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak» taslamasynyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe deňiz portlaryna baryp gördüler we porty sanlylaşdyrmak, amallary we durnukly ösüş ýörelgelerini ulanmak ugrundaky öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdylar.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....