Türkmen wekiliýeti Katarda “Emiriň gylyjy” atly halkara bäsleşik-festiwalyna gatnaşdy

  • 18.02.2024 15:08
  • 5.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 15-17-nji fewralda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen “Emiriň gylyjy” atly halkara bäsleşik-festiwaly gatnaşdy. Bu halkara çärede türkmen wekiliýetine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Hususan-da, taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti “Al Şakab” Atçylyk merkezinde weterinariýa ugry boýunça hünärmenler bilen duşuşyk geçirdi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....