Nike zenan egin-eşikleriniň önümçiligi üçin 1,5 müňden gowrak adamy işden çykarar

  • 17.02.2024 23:58
  • 11k+

Sport egin-eşikleri we aýakgap brendi Nike çykdajylary azaltmak boýunça üçýyllyk meýilnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. “The Wall Sreet Journal” neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň maksady 2 mlrd dollar tygşytlamakdan ybarat diýip, eadaily.com belleýär.

Munuň üçin Nike işgärler ştatyny 2% azaldar. Gürrüň kompaniýanyň dürli bölümçelerinde işleýän 1600 adam barada gidýär.

Nike-yň baş müdiri Jon Donahýunyň sözlerine görä, kompaniýa tygşytlanan serişdeleri geljegi uly ugurlary ösdürmäge, şol sanda zenan egin-eşikleriniň, ylgaw üçin aksessuarlaryň önümçiligine gönükdirer. Azaltma dükanlaryň we paýlama merkezleriniň işgärlerine, innowasiýalar toparynyň hünärmenlerine täsir etmezden, diňe ofis işgärleriniň arasynda bolar.


düýn 10:53
1.9k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
2.9k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.4k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...