SORA. OpenAI tekstden wideo döretmäge ukyply neýroulgamy döretdi

  • 17.02.2024 12:03
  • 5k+

Özüniň ChatGPT çat-boty bilen belli bolan OpenAI amerikan kompaniýasy Sora ady bilen emeli aňyň esasynda täze gural döretdi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Sora tekst beýany esasynda dowamlylygy 1 minuta çenli bolan hakyky we döredijilikli wideolary döredip bilýär. Neýroulgam rekwizitiň we personažlaryň takyk şekilleri bilen hakyky sahnalary hem döretmäge ukyply.
Şol bir wagtyň özünde, wideodaky personažlar ynandyryjy emosiýalary bildirip bilerler. Mundan başga-da, Sora hereketsiz şekilleri “janlandyryp”, taýýar wideolara kadr goşup ýa-da olaryň üstüni ýetirip bilýär.
Häzirlikçe Sora-nyň çäklendirmeleri bar, OpenAI neýroulgamyň çylşyrymly sahnalary modelirlemekde ýalňyşlyk goýberip biljekdigini duýdurýar.
Häzirki wagtda Sora bolup biljek zyýanlar we töwekgelçilikler babatda modeli bahalandyrýan “gyzyl toparlar” tarapyndan synagdan geçirilýär. OpenAI bu täze tehnologiýanyň oňyn ulanylyş taraplaryny kesgitlemäge kömek eder ýaly dünýäniň ähli ýerinden syýasatçylary, mugallymlary we hudožnikleri çekmegi meýilleşdirýär. Çünki, gürrüň wideo mazmun pudagyny üýtgedip biljek rewolýusion gural barada gidýär. 


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
971

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...