Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä belli ýazyjy-akyldarlaryň haýsylarynyň heýkelleriniň oturdyljakdygy belli boldy

  • 16.02.2024 20:27
  • 8.4k+

Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginden başga-da, 25 töweregi daşary ýurt ýazyjylarynyň we akyldarlarynyň heýkelleri oturdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew gürrüň berdi.

25 şahyryň we akyldaryň sanawy heniz gutarnykly däl, ýöne häzir şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Du Fu (Hytaý);
  • Şota Rustaweli (Gruziýa);
  • Kut-ad-din Şirazi (Eýran);
  • Rabindranat Tagor (Hindistan);
  • Iogann Wolfgang Gýote (Germaniýa);
  • Alyşir Nowaýy (Özbegistan);
  • Ýunus Emre (Türkiýe);
  • Wilýam Şekspir (Angliýa);
  • Onore de Balzak (Fransiýa);
  • Fýodor Dostoýewskiý (Russiýa);
  • Çingiz Aýtmatow (Gyrgyzystan);

Bürünç ýadygärlikleriň beýikligi 3,5 metr, sütün bilen 6 metr bolar. Magtymgulynyň bürünç ýadygärligi on esse beýikdir.
Türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň üstündäki işler 36 heýkeltaraşyň gatnaşmagynda alnyp baryldy. Beýleki şahyrlaryň we akyldarlaryň heýkellerini döretmek üçin S.Babaýew iň zehinli we zähmetsöýer heýkeltaraşlaryň 11-isini saýlap aldy.
Iş maý aýynyň ortalaryna çenli ýetişmek üçin gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar.
Heýkeltaraş Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu ägirt taslamany durmuşa geçirmekde uly kömek berýändigini belledi.


düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......