Merkezi Aziýa üçin üstaşyr geçelge hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň orny maslahatlaşyldy

  • 16.02.2024 12:22
  • 9.7k+

14-nji fewralda USAID-yň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň goldawy bilen “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we CILT Merkezi Aziýa tarapyndan gurnalan “Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýanyň eksport edýän taraplary üçin üstaşyr merkez hökmünde orny” atly tegelek stoly geçirildi. Bu barada "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi habar berýär.

Tegelek stola Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksport edijileri, ýük daşaýjylar, ekspeditorlary, Merkezi Aziýanyň logistika kompaniýalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri, «Türkmenistanyň Ulag-Logistika Merkezi» AGPJ, Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrligi, Hökümetara Komissiýa  TRACECA, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrligi, şeýle hem sebitiň pudak birleşikleri gatnaşdylar.
Çäräniň maksady, Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan hödürlenýän hyzmatlardan habarlylygy ýokarlandyrmak, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr gatnawy köpeltmek, gatnaşyjylary Merkezi Aziýa ýurtlary bilen beýleki ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltjek alternatiw ýük daşaýjylaryň ýollary bilen tanyşdyrmakdyr.
Tegelek stoluň dowamynda harytlary daşamak bilen baglanyşykly amaly meseleler, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen daşamak, ulag meýilnamalary we nyrhlary, ekspeditorçylyk hyzmatlary, logistika hyzmatlary, resminamalary hasaba almak we üstaşyr proseduralary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....