Türkmenistanyň zenan telekeçileri AWE programmasyna gatnaşmaga çagyrylýar

  • 16.02.2024 11:39
  • 5.5k+

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda “Zenan telekeçileriň akademiýasy” (AWE) programmasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim edýär.

AWE – bu zenanlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur başarnyklary ösdürmäge kömek edýän mugt üç aýlyk programma.
Programma Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda geçiriler.
AWE gatnaşyjylara biznes boýunça okuw programmasyny geçmek, biznes meýilnamasyny işläp taýýarlamak we ony Aşgabatda geçiriljek jemleýji çärede hödürlemek teklip edilýär.
25 ýaşdan uly gatnaşyjy zenan telekeçiler iňlis dilini ýeterlik derejede bilmelidir.
Bu öz iş başarnyklaryňyzy artdyrmak, aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we öz işiňize maýa goýumlary çekmek üçin gowy mümkinçilikdir.
AWE programmasyna gatnaşmak üçin arzalar şu salgy boýunça kabul edilýär, ahyrky möhlet – 22-nji fewral.
Elektron poçta: awetm2024@gmail.com


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......